«Röwşen» we «Mary deri — aýakgap» türkmen kompaniýalary Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin ýörite aýakgap toplumyny döretdiler

26 Noýabr 2023
648

«Röwşen» we «Mary deri — aýakgap» türkmen kärhanalary 23 — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin bilelikde taýýarlanan ýörite sport aýakgaplarynyň toplumyny tanyşdyrdylar.

Toplum türgenler, lukmanlar, howpsuzlyk işgärleri, metbugat işgärleri, meýletinçiler we beýleki çempionata gatnaşyjylar üçin aýakgap nusgalaryny öz içine alýar. Aýakgaplar häzirki zaman tehnologiýalary we materiallary ulanylyp taýýarlanyldy, olar ýokary hili hem-de rahatlygy bilen tapawutlanýarlar.

Beýleki habarlar