«Ajaýyp ussat halal önümleri»: ussatlygyň we zähmetiň ajaýyp miweleri

3 Dekabr 2023
675

Telekeçiligiň ösmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, işewürleriň häzirki zaman iş usullaryny önümçilige ornaşdyryp, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýän önümleri öndürmegi döwletiň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynyň esasy şertleriniň biridir. Ýurdumyzda hem innowasion iş usullaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, ýokary netijeleri gazanýan hususy düzümleriň sanynyň artýandygy guwandyrýar. «Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýetiniň gazanýan üstünlikleri hem obasenagat toplumynda iş alyp barýan telekeçiler üçin nusgalykdyr. Bizem «Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýetiniň oba hojalyk boýunça direktoryň orunbasary Hojamyrat Altaýew bilen duşuşyp, oba hojalykçy hususyýetçiler üçin üstünlige barýan ýol barada söhbet etdik.

«Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýeti indi 10 ýyldan gowrak wagtdan bäri maldarçylykda, has takygy, iri mallardan et we süýt önümlerini almakda ýurdumyzda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeläp gelýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar