Göwün gözellige teşne

29 Noýabr 2023
855

Mundan sähelçe wagt öň paýtagtymyzda guralan sergidäki göze gelüwli, milli toý lybaslara, nepis keşdelere köpleriň syny oturdy. Biri-birinden owadan el işleri mende bu ajaýyplygy döreden sungat ussadynyň zähmet ýoly bilen ýakyndan tanyşmak islegini döretdi. Haçan-da Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki tikinçilik öýüne baryp, işleriň guralyşyny, döwrebap egin-eşikleriň taýýarlanylyşyny görenimizde, Dilafruz Kurbanowanyň iňňe bilen özboluşly gözellik dünýäsini döredýändigine göz ýetirdik.

Ilki aşpezlik, soňra buhgalterçilik hünärlerini ele alan Dilafruz heniz çagalygyndan öňünde aýdyň maksatlary goýýardy. Ol başda maşgalasyna degişli hususy naharhanasynda süýji-köke, datly tagamlary bişirip, olaryň söwdasyny ýola goýdy. Bu işiň ugrugýandygyna garamazdan, Dilafruzuň körpeliginde kalbynda kök uran tikin-çatyn işleri bilen meşgullanmak höwesi gün-günden has-da artdy. Ýolda-yzda, toý-tomaşada gelin-gyzlaryň geýýän bezemen lybaslaryny, köýnekleriniň ýakalaryna, ýeňlerine oturdylan nagyşlaryň gadymy nusgalaryny synlamak onuň endigine öwrüldi. Ene-mamalarymyzdan miras galan el hünärleriniň nepisligi, köýnekleriň tikiliş, keşdedir gaýmalar bilen bezeliş aýratynlyklary Dilafruzy juda gyzyklandyrýardy. Kalbyndaky çagalyk arzuwynyň şinelemegi ony aşpezlik işiniň daşyndan egin-eşikleriň bezegçi-dizaýneri hünärini ele almaklyga hem itergi berdi.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan Orazow.
Beýleki habarlar