Islegli gurluşyk serişdeleri

15 Noýabr 2023
704

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekdäki oýlanyşykly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçiligi goldamakda döredýän mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanyp, gurluşyk senagatynda netijeli işleri alyp barýan «Akgaýa» hojalyk jemgyýeti hem pudakda adygan hususy kärhanalaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hojalyk jemgyýeti üç ýyl mundan ozal welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde gurluşyk garyndy serişdelerini we gipskartony öndürýän kärhananyň işini ýola goýdy. Gurluşyk pudagynda giňden peýdalanylýan önümleri öndürýän kärhananyň etrabyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda gurulmagy sebitde bu önümleri öndürmek üçin zerur bolan tebigy çig mal serişdeleriniň ýeterlik gorlarynyň jemlenendigi bilen berk baglanyşyklydyr.

Umumy tutýan meýdany 25 gektara barabar bolan kärhanada öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglere eýedigi ünsi çekerlikdir. Munuň özi hususy ulgamda dünýäniň öňdebaryjy önümçilik enjamlarynyň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanylyp, ýerli çig mal serişdelerinden bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylýandygyny görkezýär. ªol bir wagtda, ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmekde, hil babatda halkara talaplara doly laýyk gelýän önümleriň eksportyny ýola goýmakda belent sepgitleriň eýelenýändigine şaýatlyk edýär.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».
Beýleki habarlar