Ter önümler halkyň saçagynda

1 Noýabr 2023
856

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz kuwwatlanyp, ak bazarlarymyzda hem-de söwda nokatlarynda ýylyň islendik paslynda ter gök we miwe önümleriniň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Muňa daýhanlarymyz bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän  türkmen telekeçileriniň hem mynasyp goşandy bar. Olar ýurdumyzda hususy ulgamy ösdürmek baradaky başlangyçlardan ruhlanyp, halkyň gündelik sarp edýän azyklyk önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn Gala Gurluşyk» kärhanasynyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanasy hem bar.

— Ýyladyşhanamyzyň umumy tutýan meýdany 5 gektar bolup, bu ýerde ilaty ýylyň dowamynda ýokary hilli gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek üçin ekinleriň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Olaryň esasy bölegini bolgar burçy, pomidoryň dürli görnüşleri tutup, bu ýerde onuň altes, çerri, gülpembe görnüşleri ýetişdirilýär. Häzirki günlerde ýüke duran pomidor düýplerine ideg işleri alnyp barylýar. Olar 9-10 metre çenli ösýär. Pomidor nahallary 1 aýdan gowrak wagtda ýetişýär hem-de 90 günden miwe berýär. Her düýpden 10 — 15 kilogram hasyl önýär. Ýetişen pomidor hasyly diňe içerki bazarlarymyza däl, eýsem daşary ýurtlara-da ugradylýar. Ýagny olar Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär. Ýyladyşhanamyzda pomidoryň ýylda 1200 tonnasyny öndürmek meýilleşdirilen.

Beýleki habarlar