Ak bazarlaryň berekedi

21 Noýabr 2023
716

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň önüm öndürijilerine ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ähli amatly şertleri, ýeňillikleri döredýär. Bu bolsa oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirýän türkmen telekeçilerini hem yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň bu ugurdaky alyp barýan işleri hem guwandyryjydyr.

Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän bu hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen meýdanda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurup, pomidoryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar