"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara ruhubelentlige beslendi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçlik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan guralan baýramçylyk dabarasyna bagtyýar ildeşlerimiziň köp sanlysy gatnaşdy. Etrap medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň artistleriniň edebi-sazly kompazisiýasy bilen başlanan dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy, Watan gerçekleriniň edermenligi hakda gürrüň edildi. Medeni ojagyň toý lybasly sahnasynda ýaňlanan aýdym-sazlar bolsa dabara gatnaşyjylaryň keýpiçaglygyny belende göterdi. Sungat çykyşlarynda Watan gahrymanlarynyň edermenligi, gahrymançylygy, bagtyýar döwrümiz, eşretli durmuşymyz ussatlarça wasp edildi.

Ýeňiş gününe bagyşlanan dabara geçirildi

Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreler, dabaralar ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Düýn, 8-nji maýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Ýeňiş güni mynasybetli çäre geçirildi. Geçirilen dabara Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary, weteranlar we myhmanlar gatnaşdylar. 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň iň arzyly myhmanlary  Beýik Watançylyk urşunda öz janyny orta goýan weteranlarymyz bolsa gerek. Dabaranyň başynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň ýolbaşçysy: «9-njy maý Ýeňiş gününiň aýratyn mukaddes günüdir beýik gahrymançylygyň hem-de deňsiz-taýsyz watansöýüjiligiň nyşany bolan gahrymanlarça söweşen, tylda tutanýerli zähmet çeken adamlaryň öçmejek edermenligine uly hormat goýýarys» diýip aýratyn nygtady.  Şeýle hem Ýeňiş güni bilen ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna

Gül goýmak dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemşelik Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watan gahrymanlarynyň, olaryň yzynda galan mährem enelerimiziň mertebesi, sarpasy belentde tutulýar. Türkmen ýigitlerimiz Watançylyk urşunda asuda, bagtyýar döwrümiz üçin gara başlaryny orta goýup söweşdiler. Şol gahrymanlarymyzy sarpalap, şu günki günde 1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gan dökülip gazanylan Beýik Ýeňşiň baýramy gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen bellenilýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Şygyr bäsleşigi geçirildi Hepdäniň sişenbe güni Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde TKA-nyň etrap birleşmesiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp şygyr bäsleşigi geçirildi. «Beýik bir döwlete öwrüldi Diýar, Türkmenistan ajap ýurdum berkarar» diýlip atlandyrylan bu şygyr bäsleşigine etrabyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň maksady akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini ýaş nesillere ýetirmekden we wagyz etmekden, onuň edebi mirasyna bolan söýgini artdyrmakdan hem-de dabaralandyrmakdan ybarat boldy.

«Iň gowy haly gurnagy» bäsleşigi

Eli çeper okuwçy gyzlaryň üstünligi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşik yglan edildi.

Bu gün Ýeňiş gününiň dabarasy belentden tutulýar

Şu gün ir säher bilen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy  mynasybetli Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, şeýle-de ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gahrymanlarça söweşen edermenlerimiziň şanyna gül desseleri goýuldy.   79-ýyl. Bir ömür wagt geçipdir. Muňa garamazdan halkyň arasynda ýowuz urşuň pajygaly wakalary henizem ýatdan çykanok. Bahar çagbalary, Zeminiň ýüzündäki yzlary ýuwup aýran hem bolsa, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň agyr synagly ýyllary kalplarda ebedi galdy. Gazanylan Ýeňiş güni diňe bir halkyň däl, eýsem dünýä taryhynda, adamzat hakydasynda baky orun alandygy aýdyň hakykat.

Hakydada galanlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda külli türkmen halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde kynçylykly, gowgaly döwürde tylda zähmet çeken nurana zenanyň, 103 ýaşly Ejegül Atajanowanyň hakydasyna möhürlenen ýatlamalaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik: — Ynsany ýatlamalary hem ýaşadýan eken. Meniň dünýä inen mekanym Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşigi bolsa-da, häzirki ýaşaýyş ýerim bu etrabyň «Bereketli» daýhan birleşiginde. 103 ýaşa ýetenime däl-de, şular ýaly asuda, ösüşli döwürde ýaşaýanyma begenýän.

Watan gerçeklerine sarpa

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy welaýatymyzda dabaraly bellenilip geçildi. Agzybir halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly seneleriniň hataryny artdyrýan ajaýyp baýramlaryň ýene birini — Ýeňiş gününi uly ruhubelentlik hem Watan ogullaryna belent hormat duýgusy bilen giňden dabaralandyrdy.

Watan gahrymanlary bakydyr

1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabriginiň mejlisler eýwanynda «Watan gahrymanlary bakydyr» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ony etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, medeniýet bölümi bilelikde guradylar. Dabaraly maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän  bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdylar. Maslahatda il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, mährem ene Nartäç Gurbanmedowa, ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň başlygy Hudaýnazar Durdyýew, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Şatlyk Aýmakow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda 1941—1945-nji ýyllarda bolup geçen ýowuz uruşda türkmen gerçekleriniň görkezen edermenligi, gahrymançylygy barada aýtmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  aladasy bilen uruş weteranlaryna, olaryň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere uly sylag-hormat goýulýandygy, batyrlygyň belent nusgasyny görkezen gerçekleriň bu günki gün atlarynyň ebedileşdirilip, obalara, köçelere, mekdeplere dakylýandygy barada anyk mysallar arkaly gürrüň berdiler. Soňra dabara etrap medeniýet bölümi

Dabaraly maslahat

Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlar watansöýüjiligiň nusgasydyr» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatda Mejlisiň deputaty Ogulşad Durdymedowa, mekdebiň mugallymlary Gaýypnazar Nurnazarow, Amanbaý Jowjyýew, Saparbaý Jumaýew dagy çykyş etdiler.

Welaýatymyzda «Baky oda» gül desseleri goýuldy

Şu gün Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzdaky «Baky ot» ýadygärliklerine ildeşlerimiz tarapyndan gül desseleri goýuldy. Öten-geçenlerimizi hatyralamak çärelerine watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Säher bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde ýerleşýän «Baky ot» ýadygärliginiň töweregi hem köpadamly boldy. Bu ýerde öten-geçenlerimizi hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýmak üçin şäheriň ýaşaýjylarynyň, onuň myhmanlarynyň, edara-guramalaryň wekilleriniň, ýaşulularyň, kümüş saçly enelerimiziň we ýaşlaryň ýüzlerçesi ýygnandy. Az salymdan olar uzyn hatary emele getirip, geçmişiň gowgaly wakalarynda, şol sanda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gerçeklerimiziň hatyrasyna dikilen ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Döwlet Baştutanymyz Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.  Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler esasynda baý ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylýar. Möhüm senagat desgalaryny gurmaga işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertler döredilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze, kuwwatly kärhanalaryň döredilmegi we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna girmegini şertlendirýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Şu günler Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna ýurdumyzda gurnalýan çäreleriň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çeken uruş weteranlaryna, paýhasly ýaşulularymyza, mukaddes ojaga wepaly enelerimize Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy. Aragatnaşyk pudagynda onlarça ýyl zähmet çeken Walentina Žerdowa we Marguşa Aýriýewa urşa gatnaşanlaryň we onda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň abadançylygy barada yzygiderli aladasy we olaryň abadan ýaşamagy üçin döredýän ähli şetleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine alkyş sözlerini aýtdylar. 

Ahal welaýatynyň ilatyna täze döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat hökmünde gowşuryldy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň ilatyna 200 sany döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etdi. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisine öwrülen taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi. Ahal welaýatynyň ilatyna orta we kiçi synply döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-siniň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň hem maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdiriler. Bu awtobuslar welaýatyň ýaşaýjylarynyň gatnaw mümkinçiliklerini gowulandyrmakda ajaýyp şertleri döreder. «HIACE» we «COASTER» kysymly ýolagçy awtobuslary önümçilik birleşiginiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramagynda, welaýatyň ilaty üçin täze ugurlaryň ýola goýulmagynda, hyzmatlaryň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Döwürleriň ruhy çyragy

Golaýda Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — döwürleriň ruhy çyragy» atly sergi we maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň häkimliginiň, şäheriň döwlet arhiwiniň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyňdyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, sergidäki milli gymmatlyklarymyzy synladylar hem-de olar hakdaky maglumatlar bilen içgin gyzyklandylar. Soňra maslahat öz işine başlady. Onda çykyş edenler sarpasy belent akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ähmiýeti hakda nygtadylar.

Röwşen günleriň rahatlygy

Gurbanbibi ATAGELDIÝEWA,Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy: — Uruş ýyllarynda, ondan soňam esli ýyl bar arzuwymyz arpa çöreginden doýmakdy. Döwrüň döwürden parhy köp. Biz ýaly garrylary idäp duran döwletimizden aýlanaýyn! Bir wagtlar dagy gözümiziň görýän bu zatlaryna arzuwymyzam ýetmezdi. Şol agyr ýyllar tapan zadyň ajy-süýji diýmän, bala dönerdi.

«Akylly» şäheriň köçesinde

Edebiýatçy alym, şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň adyny göterýän köçe Arkadag şäheriniň keşbinde aýratyn orny eýeleýär. Bu köçäniň uzaboýuny döwrebap binalardyr desgalar bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem bu köçäniň ugrunda ýerleşýär. Köçäniň demirgazyk tarapyny güýçli depginde alnyp barylýan «akylly» şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyry tutýar. Gurulýan binadyr desgalaryň hatarynda şäheriň Baş metjidi, çagalar dünýäsi dynç alyş merkezi, saglyk öýi, Arkadag şäheriniň etrap häkimliginiň edara binasy we döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy bar.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär.

Ünslüligi ünsden düşürmäň!

Ýaşaýyş jaýlaryndan, iş ýerlerinden gitmezden öň, ähli elektrik, gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmaly däldir. Bir wagtyň özünde birnäçe kuwwatly elektrik sarp ediji enjamlary bir birikdirijä birikdirmeli däldir. Kiçi ýaşly çagalary öýde ýeke goýup gitmeli däldir. Ýangyn dörände ýol berilmesiz düzgünler: