Hakydada galanlar

9 Maý 2024
396

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda külli türkmen halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde kynçylykly, gowgaly döwürde tylda zähmet çeken nurana zenanyň, 103 ýaşly Ejegül Atajanowanyň hakydasyna möhürlenen ýatlamalaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:

— Ynsany ýatlamalary hem ýaşadýan eken. Meniň dünýä inen mekanym Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşigi bolsa-da, häzirki ýaşaýyş ýerim bu etrabyň «Bereketli» daýhan birleşiginde. 103 ýaşa ýetenime däl-de, şular ýaly asuda, ösüşli döwürde ýaşaýanyma begenýän.

Döwletgeldi TAGANDURDYÝEW,
TKA-nyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.