Asyrlary arka atan dostluk

2 Aprel 2022
900

Ýollar yklymlary, ýürekler ykballary ýakynlaşdyrýar. Niçikmi, Hindistan hakynda söhbede nobat ýetende, şu pikirler seriňe dolýar. Hindistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde resmi taýdan ýola goýuldy. Geçen 30 ýylyň içinde syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, tehnologiýalar, ählumumy howpsuzlyk bilen bagly dürli ugurlarda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk iki ýurduň hem taryhy asyrlara uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezdi.

Aslynda, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhy ýyllaryň çäginden çykyp, asyrlara uzaýar. Aýlanyp duran eýýamlarda Hindistanyň taryhynda türkmenler bilen bagly ençeme sahypalar ýazyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy diňe kitap sahypalarynda däl, dünýä binagärliginiň merjeni bolan, jahankeşdeleri barha özüne imrindirýän, dünýäniň ýedi täsinliginiň biri Täçmahal mawzoleýi, Hindistanyň ýedinji gudraty hasaplanýan Kutb-Minar minarasy, Türkmen derwezesi, Abdyrahym hanyň kümmeti ýaly binalarda hem saklanyp galypdyr. Olar taryhdaş, ýürekdeş türkmen we hindi halklarynyň mizemez dostlugynyň binalardaky keşbidir. Hindistanyň ýüreginde dikilen türkmen dostlugynyň simwollarydyr. Biz muňa 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň žurnalistleriniň Hindistan Respublikasy bilen tanyşlyk sapary mahalynda ýene bir ýola göz ýetirdik...

Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».