Bu gün Ýeňiş gününiň dabarasy belentden tutulýar

9 Maý 2024
461

Şu gün ir säher bilen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy  mynasybetli Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, şeýle-de ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gahrymanlarça söweşen edermenlerimiziň şanyna gül desseleri goýuldy.  

79-ýyl. Bir ömür wagt geçipdir. Muňa garamazdan halkyň arasynda ýowuz urşuň pajygaly wakalary henizem ýatdan çykanok. Bahar çagbalary, Zeminiň ýüzündäki yzlary ýuwup aýran hem bolsa, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň agyr synagly ýyllary kalplarda ebedi galdy. Gazanylan Ýeňiş güni diňe bir halkyň däl, eýsem dünýä taryhynda, adamzat hakydasynda baky orun alandygy aýdyň hakykat.

«Diýar»