Baýramçylyk dabarasy geçirildi

9 Maý 2024
635

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara ruhubelentlige beslendi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçlik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan guralan baýramçylyk dabarasyna bagtyýar ildeşlerimiziň köp sanlysy gatnaşdy.

Etrap medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň artistleriniň edebi-sazly kompazisiýasy bilen başlanan dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy, Watan gerçekleriniň edermenligi hakda gürrüň edildi. Medeni ojagyň toý lybasly sahnasynda ýaňlanan aýdym-sazlar bolsa dabara gatnaşyjylaryň keýpiçaglygyny belende göterdi. Sungat çykyşlarynda Watan gahrymanlarynyň edermenligi, gahrymançylygy, bagtyýar döwrümiz, eşretli durmuşymyz ussatlarça wasp edildi.

Suraý HANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgäri.