«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

9 Maý 2024
515

Şu günler Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna ýurdumyzda gurnalýan çäreleriň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çeken uruş weteranlaryna, paýhasly ýaşulularymyza, mukaddes ojaga wepaly enelerimize Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.

Aragatnaşyk pudagynda onlarça ýyl zähmet çeken Walentina Žerdowa we Marguşa Aýriýewa urşa gatnaşanlaryň we onda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň abadançylygy barada yzygiderli aladasy we olaryň abadan ýaşamagy üçin döredýän ähli şetleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine alkyş sözlerini aýtdylar.