Welaýatymyzda «Baky oda» gül desseleri goýuldy

9 Maý 2024
342

Şu gün Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzdaky «Baky ot» ýadygärliklerine ildeşlerimiz tarapyndan gül desseleri goýuldy. Öten-geçenlerimizi hatyralamak çärelerine watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Säher bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde ýerleşýän «Baky ot» ýadygärliginiň töweregi hem köpadamly boldy. Bu ýerde öten-geçenlerimizi hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýmak üçin şäheriň ýaşaýjylarynyň, onuň myhmanlarynyň, edara-guramalaryň wekilleriniň, ýaşulularyň, kümüş saçly enelerimiziň we ýaşlaryň ýüzlerçesi ýygnandy. Az salymdan olar uzyn hatary emele getirip, geçmişiň gowgaly wakalarynda, şol sanda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gerçeklerimiziň hatyrasyna dikilen ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.