Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

9 Maý 2024
286

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler esasynda baý ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylýar. Möhüm senagat desgalaryny gurmaga işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertler döredilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze, kuwwatly kärhanalaryň döredilmegi we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna girmegini şertlendirýär.