Döwürleriň ruhy çyragy

9 Maý 2024
326

Golaýda Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — döwürleriň ruhy çyragy» atly sergi we maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň häkimliginiň, şäheriň döwlet arhiwiniň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyňdyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, sergidäki milli gymmatlyklarymyzy synladylar hem-de olar hakdaky maglumatlar bilen içgin gyzyklandylar. Soňra maslahat öz işine başlady. Onda çykyş edenler sarpasy belent akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ähmiýeti hakda nygtadylar.