"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Sagdynlyk — ömrüň bezegi

Saglyk — örän uly gymmatlyk. Sagdyn adamyň ömri — göwher. Durmuşyň eşretini duýmak, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin, ilki bilen, jan saglygynyň zerurdygy hemmä aýan hakykat. Diňe sagdyn adam dünýäniň ynsana eçilýän ajaýyplyklaryny doly derejede görüp, eşidip, duýup ýaşap bilýär. Ynsan balasy haçanda başy agyryp, baldyry syzlanda, bu baýlygyň gymmatyna has oňat düşünýär. Adamyň saglygy diňe bir onuň özüniň däl-de, ýurduň esasy gymmatlygy bolup durýar. Şonuň üçin ol hemmetaraplaýyn goralmaga degişlidir. Ine, şu ugurda bizde ynsan saglygyny gorap saklamak, ony berkitmek meselesine döwlet derejesinde üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurdaky ägirt uly işleriň ilkinjileriniň biridir. Şol bir wagtyň özünde, tebigatyň jana şypa melhemlerinden peýdalanmak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda şypahana ulgamyny ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bellärliklidir. Bu esasan-da, häzirki wagtda, tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen topragy — gudratly ýerlere, şypaly köllere, melhemli mekanlara ba

Noş bolsun!

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ilatyň saglyk ýagdaýynyň 60 — 70 göterimi iýmitlenmek we durmuş şertleri bilen baglydyr. Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň saglygyny goramaga, daşky gurşawyň zyýanly täsirlerine garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýokary fiziki hem akyl işjeňligine, uzak ýaşamagyna ýardam edýär. Adam bedenine ähli peýdaly we zyýanly maddalaryň, esasan, iýmitiň üsti bilen düşýändigi öz-özünden düşnüklidir. Şol bir wagtyň özünde peýdaly we zyýanly zatlary saýgaryp iýmek biziň öz erkimizde. Şonuň üçin hem sagdyn iýmitlenmegiň şu aşakdaky esasy ýörelgelerini berjaý etmeli. Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmeýän adamlarda, köplenç, bedeniň dürli bozulmalary döreýär. Bu ýagdaý iýmitdäki kaloriýalaryň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy bilen bagly bolup durýar. Eger-de öz wagtynda çäre görülmese, onda dürli keselleriň döremegi mümkin.

Düýe çaly

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzda düýe malyna «Hydyr gören» diýilýändigini belleýär. Halkymyz düýäni, esasan hem, iner düýeleri ir döwürlerden bäri ýük daşamakda, kerwene goşup, argyşa gitmekde ulanypdyrlar. Inen düýelerden bolsa sagylyp, ondan çal edilipdir. Düýe çaly ynsan saglygyna şypa beriji häsiýeti bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde mikrob, kesel geçiriji bakteriýalar bolmaýar. Düýe çaly inçekesel, aşgazan keselleri üçin örän peýdaly dermanlyk içgi hasaplanýar. Howanyň gurak şertlerinde, tomus günleri ol suwsuzlygy gandyrmak üçin şypaly içgidir. Düýe çalynyň tagamy, ýaglylygy, ýokumlylygy onuň öri meýdandaky iýýän otuna bagly bolýar. Meselem, Ahal sebitlerinde — Ýerbent ýaýlasynyň çägindäki düýeler köwreýik, tetir, garak, selme, ýandak, guşgözi ýaly zory ýetik sähra otlary bilen iýmitlenensoň, onuň bulut ýaly bölek-bölek bölünip duran çaly gaňşyrawugyňy tütedişine, endamyňy düwme-düwme edip, süňňüňe ýaýraýşyna suwsuzlygyňy gandyrýar. Aslynda türkmen arwanasynyň malgam ýaly süýdüni saglan badyna, köpükläp duran wagty içip bilen adam öýken sökelliklerinden gutulýandygy mälimdir.

Şypahanalar ulgamy halkyň saglygynyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan saglyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär. Çünki ynsan saglygy elmydama döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edilip, abraýly halkara guramalaryň şahadatnamalaryna mynasyp bolundy. Ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde şypahana bejergisiniň uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin, lukman Liderimiz tebigy şypaly ýerleriň ulgam derejesinde hereket etmegini ýola goýdy. Şeýlelikde, ýurdumyz şypahanalar mekanyna öwrüldi. Şypahanalaryň dünýäde tanalýan ähli görnüşleri biziň ajaýyp topragymyzda bar. Olara tebigy klimatiki, läbik bejeriji, balneologiki şypahanalarymyz bolan Baýramaly, Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Berzeňňi, Farap, Daşoguz, Awaza we Bagabat şypahanalary degişlidir. Täze we durky täzelenen binalarda anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýärler we olarda dynç alýanlar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan bir we iki orunlyk, şeýle hem maşgalasy bilen gelenlere niýetlenen otaglar bar. Bu şypahanalarda hereket edýän anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinde döwrebap lukmançylyk enjamlary bolup, olar keselleri anyklaýyş çärelerini geçmäge we

Sagdyn dursmuş ýörelgesi

Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň! * * *

Saglygyň goragynda

Bäherden etrabyndaky bilim-terbiýeçilik ojaklarynda raýatlaryň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, dürli kesellere garşy ukybyny ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda şeýle wagyz-nesihat duşuşyklarynyň biri etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda guraldy. Oňa bilim işgärleri, ýokary synp okuwçy ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ildeşlerimiziň saglygyny goramak babatda edýän bimöçber aladalary we bu ugurda durmuşa geçirýän giň göwrümli işleri barada söz açyp, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda gazanylýan üstünliklere ünsi çekdiler. Onuň barşynda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagyň we arassa ýagdaýda saklamagyň, ýokumly miwelerdir gök önümler bilen iýmitlenmegiň, şeýle-de agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňler, şonuň bilen baglanyşykly öwüt-ündewler uly gyzyklanma döretdi.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň täze ösüşleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurt Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejedäki sporty ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsanyň saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, nesillerimiziň asuda, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde hormatly Prezidentimiz aýratyn tagallalar edýär. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döwletimiziň şäherdir obalarynyň görküne görk goşýan hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän iri sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar, köp sanly ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, şypahanalar, sagaldyş merkezleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.

Kesellerden goranalyň!

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak üçin lukmanlar aşakdaky düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler: — Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur;

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýyňyzda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2. Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Tebigatyň eçilen serpaýy

Böwürslen Bu ösümligiň köki, iýmişi, ýapragy melhemlik häsiýetine eýedir. Onuň iýmişiniň sowuklama garşy we gyzgyny peseldiji täsiri bardyr. Böwürslende organiki turşulyklar, şeker, witaminler saklanýar. Bu iýmişdäki antioksidantlar ganyň düzümini gowulandyryp, aterosklerozyň ýüze çykmak howpuny azaldýar. Içegeleriň işjeňligini gowulandyrýar, böwrek kesellerinde hem peýdalydyr. Böwürsleniň baý düzümi deriniň garramagynyň, görejiň peselmeginiň öňüni alýar, süňküň berk bolmagyny üpjün edýär.

Ömürlere bezeg berýän saglykdyr

Halkymyzda «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýilýär. Şonuň üçinem başymyzyň göwher täjine deňelýän saglygymyz barada özümiz aladalanyp durmaly. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli hem-de lukmanlaryň berýän maslahatlaryny, şeýle-de düzgünleri, kadalary berk berjaý etmeli. Geliň, bular barada durup geçeliň. 1. Iýmitiňize aýratyn üns berip, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny artdyrmaly. C witaminine baý önümleri, melhemlik çaýlary, miweleriň we gök önümleriň ter şirelerini ulanmaly. Gök önümlerden käşir, şugundyr, kelem, kädi, pomidor immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär, bedene gurbat berýär, kesellerden goraýar. Süýt we süýt önümlerini, et, ýumurtga, witaminlere we beloklara baý önümleri köpräk iýmeli.

Maşklar we hereket hakynda

Men maşklaryň kömegi arkaly bütin bedenimi has durnukly etmek isleýärin. Sokrat.

Ilatymyzyň saglygynyň ygtybarly goragy

Ýurdumyza Hytaýyň «CoronaVac» sanjymy getirildi 9-njy maýda COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan «CoronaVac» waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.

Iýmit zäherlenmesinden ägä boluň!

Iýmit zäherlenmesine köplenç güýçli zäherleri bölüp çykarýan mikroblar sebäp bolýar. Zäherleýji mikroblaryň has ýygy duşýany botulizmiň taýajyklarydyr. Olar arassaçylyk düzgünleri doly we dogry berjaý edilmän taýýarlanan konserwirlenen önümlerde bolup bilýär. Botulizmiň taýajyklary zaýalanan önümler arkaly adamyň bedenine aralaşýar. Şeýle bakteriýalar tarapyndan zäherlenen bedende ilki zäherlenmäniň islendik görnüşine mahsus bolan alamatlar: gaýtarma, içagyry, içgeçme ýüze çykýar. Zäherlenmeden birnäçe sagat geçenden soň, görüş peselýär, gürleýiş, ýuwdunma bozulýar. Iýmit zäherlenmesiniň köp duş gelýän ýene-de bir görnüşi stafilokok bakteriýalarynyň döredýän zäherlenmesidir. Olar kakadylan maldyr guş etinde we balykda, käbir işdäaçarda, kremli tagamlarda adaty otag temperaturasynda köpelýärler.

Maşgalanyň ilkinji ýardamçysy

Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek baş ugurlaryň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berýär. Häzirki wagtda ulgamyň dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary we tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmeginiň netijesinde ilatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Paýtagtymyzdan başlap, welaýatlaryň ählisinde häzirki zamanyň iň ösen we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär, maddy enjamlaşdyrylyşy gowulandyrylýar. Dänew etrabynyň Seýdi şäher hassahanasynyň oba saglyk öýüniň lukmanlary hem şeýle giň mümkinçilikleriň çygrynda işleýärler. 30 ýyllyk iş tejribesi bolan Bahargül Islamowa hem bu saglyk öýüniň öňdebaryjy maşgala lukmanlarynyň biri. ― Bahargül Jorakulyýewna, söhbedimizi oba saglyk öýleriniň esasy wezipesi baradaky gürrüňden başlaýalyň!

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan

Hawa, gum obalarynyň birinde maly çöle sygmaýan bir gurply adam bar eken. Ol gül ýaly durmuşda ýaşapdyr. Ýöne käteler ykbal duýdansyz ýerden synaga goýýar. Bir günem onuň ýeke perzendi derde sataşýar-da, düşege baglanyp ýatyberýär. Ýaňky baý näderini bilmän, öz töwereklerinde bir tebip bar bolsa, olary çagyrdyp getirdýär. Tebipler hassany gözden geçirýärler, oňa em edýärler. Oglan birbada gowulanan ýaly hem edýär-de, ýene öňki kaddyna gelýär. «Eý, Allam, munuň bir alajy tapylmazmyka?!» diýip, pikir eden baý näderini bilmän otyrka, oňa biri Lukman Hekimi tapmagy maslahat berýär. Baý onuň maslahatyna begenýär. Tizara iň ýyndam atlaryny goşup, meşhur alymyň yzyndan adamlaryny ugradýar. Aradan birnäçe wagt geçýär. Oglanyň haly has agyrlaşýar. Adamlar: «Lukman Hekim ýöne adam däl, ol hassany beýle ýagdaýda galdyrmaýar. Enşalla, Allanyň eradasy bilen ogluňyz dertden saplanar. Lukman Hekimiň eline düşen hassalar sagalyp, dünýä ýaňadan gaýdyp gelýärler» diýip, baýy köşeşdirýärler. Baýyň hem gözi ýolda diýýär. Ahyry günleriň birinde bularyň oýuna «şol meşhur lukman gelýärmiş» diýen habar ýaýraýar. Lukman gelenden, baý:

Saglygym — bahasyz baýlygym

Türkmenistanyň iň sapaly, iň gözel, iň ajaýyp ýerlerinde şypahanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri guruldy. Olar ýylyň islendik paslynda-da halkyň hyzmatynda. Diýarymyzyň baý tebigy, jana şypa beriji serişdelerini ulanmak bilen, dürli keselleri bejermekde, ondan soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, adamlaryň bedenini berkitmekde, saglygyny dikeltmekde we olarda keselleriň öňüni almakda hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmakda şypahanalaryň täsiri uludyr. 1. «Berzeňňi» şypahanasy. Gözel paýtagtymyz Aşgabatdan 7,5 kilometr günortada, merkezi Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Berzeňňi diýen täsin ýer bar. 1967-nji ýylda geologlaryň gözleg-barlag işleriniň netijesinde, özüniň aýratyn gidrohimiki düzümi boýunça bejerijilik häsiýete eýe bolan mineral suwuň dik guýudan akýan akymy ýüze çykarylypdyr. Bu mineral suw düzümi boýunça Russiýa Federasiýasynyň Tula oblastyndaky «Krainka» çeşmesiniň, Moskwa oblastyndaky «Dorohowa» şypahanasynyň mineral suwlary bilen meňzeşdir. Şol esasynda bina edilen «Berzeňňi» şypahanasynyň mineral suwy ýürek-damar ulgamynyň kesellerini, dem alyş ýollarynyň, iýmit siňdiriş synalarynyň, merkezi we periferik nerw ulgamynyň, süňk-bogun bilen baglanyşykly, deri, örgün häsiýetli keselleri bejermekde peýdasy uludyr.

Elýetmez baýlyk

Sagdynlyk endiklerini berjaý etmek her birimiziň borjumyz bolup, sagdyn ýaşaýşyň esasy şertleriniň biridir. Sagdynlyk endiklerini, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bizi birnäçe ýokanç kesellerden hem gorar. Sagdynlyk endiklerine eýermek üçin ilki bilen kadaly iýmitlenmek we doly ukyny almak zerurdyr. Iýmitimize gök önümleri goşmaly. Her naharyň gapdaly bilen ter gök otlary we miweleri iýmekligi endik etmeli. Gök önümleriň we miweleriň ýokumlara baýdygy sebäpli olar diňe bir işdäaçyjy bolman, bedeniň kesellere garşy göreşijiligini hem artdyrýar.

Ysmanak

Ysmanak birýyllyk ösümlik bolup, ol bakja ekinlerine degişlidir. Ysmanakdan öý bikelerimiz her dürli tagamlary taýýarlaýarlar. Ony işdäaçarlara hem goşýarlar. Ysmanagyň saglygymyza ähmiýeti uludyr. Ol özünde bedenimize gerekli ýokumlary köp mukdarda saklaýar. Ysmanagyň düzüminde demir, kalsiý, magniý hem-de A,C, E, K ýaly ýokumlar bar. Bulardan başga-da ol dürli minerallara baýdyr.

Peýdaly maslahatlar

Saglygymyzy goramak, ilkinji nobatda, özümize bagly. Şonuň üçin hem günüň dowamynda goýberilýän käbir säwlikler saglygymyza ters täsirini ýetirip biler. Ine, şol ýalňyşlyklaryň ýedisi: 1. Irden jaňly sagady gaýtalanýan görnüşe düzmeli däl. Näçede oýanmaly bolsak, sagady takyk şol wagta düzmeli we ol ilkinji sapar jyrlanda oýanmagy endik etmeli. Sebäbi jaňyň gaýtalanmagy adamyň ukusyny birnäçe gezek kesýär. Bu bolsa degna ulgamynda näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.