Saglygyň goragynda

11 Maý 2021
957

Bäherden etrabyndaky bilim-terbiýeçilik ojaklarynda raýatlaryň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, dürli kesellere garşy ukybyny ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda şeýle wagyz-nesihat duşuşyklarynyň biri etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda guraldy. Oňa bilim işgärleri, ýokary synp okuwçy ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ildeşlerimiziň saglygyny goramak babatda edýän bimöçber aladalary we bu ugurda durmuşa geçirýän giň göwrümli işleri barada söz açyp, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda gazanylýan üstünliklere ünsi çekdiler. Onuň barşynda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagyň we arassa ýagdaýda saklamagyň, ýokumly miwelerdir gök önümler bilen iýmitlenmegiň, şeýle-de agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňler, şonuň bilen baglanyşykly öwüt-ündewler uly gyzyklanma döretdi.

Şasoltan DURDYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar