Saglygym — bahasyz baýlygym

10 Maý 2021
887

Türkmenistanyň iň sapaly, iň gözel, iň ajaýyp ýerlerinde şypahanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri guruldy. Olar ýylyň islendik paslynda-da halkyň hyzmatynda. Diýarymyzyň baý tebigy, jana şypa beriji serişdelerini ulanmak bilen, dürli keselleri bejermekde, ondan soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, adamlaryň bedenini berkitmekde, saglygyny dikeltmekde we olarda keselleriň öňüni almakda hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmakda şypahanalaryň täsiri uludyr.

1. «Berzeňňi» şypahanasy. Gözel paýtagtymyz Aşgabatdan 7,5 kilometr günortada, merkezi Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Berzeňňi diýen täsin ýer bar. 1967-nji ýylda geologlaryň gözleg-barlag işleriniň netijesinde, özüniň aýratyn gidrohimiki düzümi boýunça bejerijilik häsiýete eýe bolan mineral suwuň dik guýudan akýan akymy ýüze çykarylypdyr. Bu mineral suw düzümi boýunça Russiýa Federasiýasynyň Tula oblastyndaky «Krainka» çeşmesiniň, Moskwa oblastyndaky «Dorohowa» şypahanasynyň mineral suwlary bilen meňzeşdir. Şol esasynda bina edilen «Berzeňňi» şypahanasynyň mineral suwy ýürek-damar ulgamynyň kesellerini, dem alyş ýollarynyň, iýmit siňdiriş synalarynyň, merkezi we periferik nerw ulgamynyň, süňk-bogun bilen baglanyşykly, deri, örgün häsiýetli keselleri bejermekde peýdasy uludyr.

Jennetgül ORAZOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar