Şypahanalar ulgamy halkyň saglygynyň goragynda

11 Maý 2021
1433

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan saglyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär. Çünki ynsan saglygy elmydama döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde saklanýar.

Ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edilip, abraýly halkara guramalaryň şahadatnamalaryna mynasyp bolundy. Ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde şypahana bejergisiniň uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin, lukman Liderimiz tebigy şypaly ýerleriň ulgam derejesinde hereket etmegini ýola goýdy. Şeýlelikde, ýurdumyz şypahanalar mekanyna öwrüldi. Şypahanalaryň dünýäde tanalýan ähli görnüşleri biziň ajaýyp topragymyzda bar. Olara tebigy klimatiki, läbik bejeriji, balneologiki şypahanalarymyz bolan Baýramaly, Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Berzeňňi, Farap, Daşoguz, Awaza we Bagabat şypahanalary degişlidir. Täze we durky täzelenen binalarda anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýärler we olarda dynç alýanlar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan bir we iki orunlyk, şeýle hem maşgalasy bilen gelenlere niýetlenen otaglar bar. Bu şypahanalarda hereket edýän anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinde döwrebap lukmançylyk enjamlary bolup, olar keselleri anyklaýyş çärelerini geçmäge we netijeli bejergileri kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar