Iýmit zäherlenmesinden ägä boluň!

10 Maý 2021
908

Iýmit zäherlenmesine köplenç güýçli zäherleri bölüp çykarýan mikroblar sebäp bolýar. Zäherleýji mikroblaryň has ýygy duşýany botulizmiň taýajyklarydyr. Olar arassaçylyk düzgünleri doly we dogry berjaý edilmän taýýarlanan konserwirlenen önümlerde bolup bilýär. Botulizmiň taýajyklary zaýalanan önümler arkaly adamyň bedenine aralaşýar. Şeýle bakteriýalar tarapyndan zäherlenen bedende ilki zäherlenmäniň islendik görnüşine mahsus bolan alamatlar: gaýtarma, içagyry, içgeçme ýüze çykýar. Zäherlenmeden birnäçe sagat geçenden soň, görüş peselýär, gürleýiş, ýuwdunma bozulýar.

Iýmit zäherlenmesiniň köp duş gelýän ýene-de bir görnüşi stafilokok bakteriýalarynyň döredýän zäherlenmesidir. Olar kakadylan maldyr guş etinde we balykda, käbir işdäaçarda, kremli tagamlarda adaty otag temperaturasynda köpelýärler.

Maral HEMRAGULYÝEWA,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iýmit gigiýena bölümçesiniň sanitar lukmany.
Beýleki habarlar