Ysmanak

10 Maý 2021
984

Ysmanak birýyllyk ösümlik bolup, ol bakja ekinlerine degişlidir. Ysmanakdan öý bikelerimiz her dürli tagamlary taýýarlaýarlar. Ony işdäaçarlara hem goşýarlar.

Ysmanagyň saglygymyza ähmiýeti uludyr. Ol özünde bedenimize gerekli ýokumlary köp mukdarda saklaýar. Ysmanagyň düzüminde demir, kalsiý, magniý hem-de A,C, E, K ýaly ýokumlar bar. Bulardan başga-da ol dürli minerallara baýdyr.

Abdylla AGAMÄMMEDOW,
welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar