Sagdynlyk — ömrüň bezegi

12 Maý 2021
1162

Saglyk — örän uly gymmatlyk. Sagdyn adamyň ömri — göwher. Durmuşyň eşretini duýmak, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin, ilki bilen, jan saglygynyň zerurdygy hemmä aýan hakykat. Diňe sagdyn adam dünýäniň ynsana eçilýän ajaýyplyklaryny doly derejede görüp, eşidip, duýup ýaşap bilýär. Ynsan balasy haçanda başy agyryp, baldyry syzlanda, bu baýlygyň gymmatyna has oňat düşünýär. Adamyň saglygy diňe bir onuň özüniň däl-de, ýurduň esasy gymmatlygy bolup durýar. Şonuň üçin ol hemmetaraplaýyn goralmaga degişlidir. Ine, şu ugurda bizde ynsan saglygyny gorap saklamak, ony berkitmek meselesine döwlet derejesinde üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurdaky ägirt uly işleriň ilkinjileriniň biridir. Şol bir wagtyň özünde, tebigatyň jana şypa melhemlerinden peýdalanmak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda şypahana ulgamyny ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bellärliklidir. Bu esasan-da, häzirki wagtda, tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmen topragy — gudratly ýerlere, şypaly köllere, melhemli mekanlara baý ülke. Ýurdumyz tebigy mineral we şypa beriji palçyk çeşmeleriniň toplumyna, bag zolaklary bolan sagaldyş, keselleriň öňüni alyş ugurly edaralara, ygtyýarlandyrylan şypahana hyzmatlarynyň toplumyna eýedir. Türkmenistanda şypahana işiniň taryhy öz gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýar. Häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ulgamynda şypahana kömegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümi, Ahal welaýatynda «Arçman» we «Ýyly suw», Lebap welaýatynda «Farap», Mary welaýatynda «Baýramaly», Balkan welaýatynda «Mollagara», «Awaza» hem-de Daşoguz welaýatynda «Daşoguz» şypahanalary hereket edýär. Ýakynda bolsa täze «Bagabat» şypahanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Ol ýerler ýylyň dört paslynda-da adamly.

Aýsenem NURLYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar