Ömürlere bezeg berýän saglykdyr

10 Maý 2021
907

Halkymyzda «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýilýär. Şonuň üçinem başymyzyň göwher täjine deňelýän saglygymyz barada özümiz aladalanyp durmaly. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli hem-de lukmanlaryň berýän maslahatlaryny, şeýle-de düzgünleri, kadalary berk berjaý etmeli. Geliň, bular barada durup geçeliň.

1. Iýmitiňize aýratyn üns berip, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny artdyrmaly. C witaminine baý önümleri, melhemlik çaýlary, miweleriň we gök önümleriň ter şirelerini ulanmaly. Gök önümlerden käşir, şugundyr, kelem, kädi, pomidor immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär, bedene gurbat berýär, kesellerden goraýar. Süýt we süýt önümlerini, et, ýumurtga, witaminlere we beloklara baý önümleri köpräk iýmeli.

Beýleki habarlar