Maşgalanyň ilkinji ýardamçysy

10 Maý 2021
857

Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek baş ugurlaryň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berýär. Häzirki wagtda ulgamyň dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary we tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmeginiň netijesinde ilatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Paýtagtymyzdan başlap, welaýatlaryň ählisinde häzirki zamanyň iň ösen we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär, maddy enjamlaşdyrylyşy gowulandyrylýar. Dänew etrabynyň Seýdi şäher hassahanasynyň oba saglyk öýüniň lukmanlary hem şeýle giň mümkinçilikleriň çygrynda işleýärler. 30 ýyllyk iş tejribesi bolan Bahargül Islamowa hem bu saglyk öýüniň öňdebaryjy maşgala lukmanlarynyň biri.

― Bahargül Jorakulyýewna, söhbedimizi oba saglyk öýleriniň esasy wezipesi baradaky gürrüňden başlaýalyň!

Söhbetdeş bolan Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar