Noş bolsun!

12 Maý 2021
1041

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ilatyň saglyk ýagdaýynyň 60 — 70 göterimi iýmitlenmek we durmuş şertleri bilen baglydyr. Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň saglygyny goramaga, daşky gurşawyň zyýanly täsirlerine garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýokary fiziki hem akyl işjeňligine, uzak ýaşamagyna ýardam edýär. Adam bedenine ähli peýdaly we zyýanly maddalaryň, esasan, iýmitiň üsti bilen düşýändigi öz-özünden düşnüklidir. Şol bir wagtyň özünde peýdaly we zyýanly zatlary saýgaryp iýmek biziň öz erkimizde. Şonuň üçin hem sagdyn iýmitlenmegiň şu aşakdaky esasy ýörelgelerini berjaý etmeli.

Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmeýän adamlarda, köplenç, bedeniň dürli bozulmalary döreýär. Bu ýagdaý iýmitdäki kaloriýalaryň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy bilen bagly bolup durýar. Eger-de öz wagtynda çäre görülmese, onda dürli keselleriň döremegi mümkin.

Jahan AHMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar