"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

GARYNJALAR IÝMIT BAR ÝERINI NÄDIP BILÝÄRLER?

Lukman bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

«Nesil» gazetiniň çagalara niýetlenen ýörite sahypasynda çap edilýän materiallary yzygiderli okaýaryn. Aýratynam, öz deň-duşlarymyzyň geljekki maksatlary, arzuwlary, olara ýetmek üçin edilen yhlaslar baradaky ýazgylar ünsümi çekýär. Hatda özüm hem: «Diňe çyn ýürekden edilen arzuwlar hasyl bolýar» diýip, birnäçe gezek eşitdim. Şonuň üçin hem arzuwlarymyň bir günden bir gün hasyl boljagyna ynanýaryn. Biologiýa dersine höwesim gaty uly bolansoň, kiçilikden lukman bolmagy arzuw edýärin. 8-nji synpda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders, taslama bäsleşiklerinde dürli baýrakly orunlara mynasyp boldum. 10-njy synpda bolsa bu bäsleşikde biologiýa dersinden birinji orna eýe bolmak bagty nesip etdi. Şu ýyl hem bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, 3-nji orna mynasyp boldum.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 30-njy martynda, 13-nji aprelinde we 11-nji maýynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler. Şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti baradaky maglumatlary www tohu.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz. «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 1000-da başlanýar:

Türkmen oba hojalyk instituty 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 30-njy martynda, 13-nji aprelinde we 11-nji maýynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler. Türkmen oba hojalyk instituty baradaky maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýtyndan hem tanşyp bilersiňiz. «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar:

Dilleri öwrenmäge höwesli körpeler

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň 20-nji martynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň garamagynda Halkara gatnaşyklary institutyny döretmek hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bir bitewi ulgamy kemala getirmegiň başlangyjy boldy. Munuň özi daşary syýasat we halkara gatnaşyklarynda hereket edýän döwlet düzümlerinde häzirki zaman ösüşiň möhüm meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan hünärmenleriň üpjünçiligine gönükdirildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň garamagynda Halkara gatnaşyklary instituty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny alyp barýan, daşary ýurtlarda Türkmenistana wekilçilik edýän, onuň milli bähbitlerini goraýan hem-de Watanymyzyň halkara abraýynyň berkidilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan türkmen diplomatlarynyň täze neslini kemala getirmekde jogapkärli wezipäni durmuşa geçirýär. Institut döredileninden bäri, 36 sany daşary ýurt ýokary okuw mekdebi

Halkara matematika olimpiadasy

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän Arkadag şäheri häzirki ajaýyp döwrümizde dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bu günki gün Arkadag şäheri halkara derejeli forumlaryň, maslahatlaryň, bäsleşikleriň hem-de olimpiadalaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasyny geçirmek barada beýan edildi. Bu hoş habaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelmegi bolsa bilim işgärlerini diýseň buýsandyrdy.

Üstünligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş nesillere döwrebap bilim öwretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ähli bilim binalary döwrebap multimedia enjamlary, häzirki zaman kompýuterleri, internet ulgamy bilen üpjün edilýär. Munuň özi çagalaryň sazlaşykly ösmegine, dünýä derejesinde bilim almagyna, zehinleriniň açylmagyna we gözýetimleriniň giňemegine ýardam edýär.

Bilim — kämilligiň binýady

Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bilim bermegiň, okatmagyň döwrebap usullary ösdürilýär. Şunda innowasion tehnologiýalara, multimedia tagtalaryna we kompýuter programmalaryna uly orun degişli bolup durýar. Sapaklary döwrebap guramakda we alyp barmakda innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Munuň özi sanly bilim ulgamynyň döredýän mümkinçilikleridir.

Çaga oýunlarynyň aýratynlyklary

Biziň dünýämize öwüşgin çaýýan, ony ýagtylandyrýan we nurlandyrýan mähribanlyk eziz balalarymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Baldan süýji balalarymyzy watansöýüjilik ruhunda, bilimli, ylymly, arassa ahlakly terbiýelemek ene-atalaryň, şeýle hem bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň paýyna düşýär. Körpejeleriň mekdep ýaşyna çenli döwri çaganyň beden, aň, durmuş taýdan ösüşiniň kadaly bolmagy üçin edilýän aladalaryň wajyp döwri hasaplanylýar.

Nusgawy edebiýatymyza sarpaly nesiller

Berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän dabaralar, ýaş nesilleriň arasynda guralýan döredijilik we zehin bäsleşikleri biri-birine sazlaşykly utgaşýar. Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşiginiň geçirilmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyryp, olaryň nusgawy edebiýatymyza, söz ussatlarymyza bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigini şu gezekki geçirilen bäsleşigiň netijelerinden hem görmek bolýar. Beýik şahyrymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyk baradaky taglymatlaryna bagyşlanan bu bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň 516-sy gatnaşdy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde “Arhiw we arhiw işi” boýunça amaly okuw sapagy geçirildi

Ýakynda Balkan welaýatynyň döwlet arhiwiniň hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda agentligiň mejlisler zalynda “Arhiw we arhiw işi” boýunça amaly okuw sapagy geçirildi. Arhiw işiniň kanunçylyk esaslary, arhiwi talaba laýyk alyp barmak, arhiw resminamalaryny jemleýji ýyllyk ýazgylaryny dogry we doly ýöretmek, resminamalaryň abat aýawly saklanmagyny gazanmak, resminama gymmatlyklaryna her bir arhiw işgäri jogapkärli garamak – okuw sapagynyň esasy maksady boldy.

Ýaşlaryň ekologik düşünjeliligini artdyryp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmyny we bilimini kämilleşdirmek, raýatlaryň saglygyny goramak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Ýokary bilimli lukmanlary we farmasewtleri taýýarlaýan ylym-bilim ojagy bolan uniwersitetimizde hem okuw maksatnamalary okatmagyň iň täze innowasion maglumatlary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wajyp wezipeleri, ylmy we bejeriş işleriniň seljeriş maglumatlary, keselleri bejermegiň, anyklamagyň, öňüni almagyň iň täze we kämil usullary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Taýýarlanylýan maksatnamalar umumy okuwlarda we onda alnan nazary bilimleri çuňlaşdyrýan amaly sapaklarda, nazaryýet bilen amalyýeti baglanyşdyrýan önümçilik tejribeliklerinde düýpli özleşdirilýär, berkidilýär. Uniwersitetde ýokary derejeli hünärmenleriň häzirki zaman lukmançylygynyň we adaty däl lukmançylygynyň ýörelgeleriniň esasynda (integratiw lukmançylygy) taýýarlanýandygyny nazara alyp, talyplara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, okuw we iş maksatnamalary taýýarlananda, häzirki zamanyň ösen tejribelerinden ugur alynýar. Şonuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan — melhemler

Kesbine kämil mugallym

Ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek iň hormatly we jogapkärli işleriň biri. Sebäbi mugallymlar ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümize mynasyp, ilhalar, ýokary başarnykly, watançy ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Bazargül Çaryýewadyr. Ol Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet çekýär. Gürrüňi edilýän mugallymyň zähmet ýoly çärýek asyra uzaýar. Ol geçen ýyllarda, gör, nijeme sapar bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän çagalary mähir bilen garşy aldy. Soňra irginsiz zähmet çekip, bilmäge, öwrenmäge teşne ýaşlary bilimler dünýäsine alyp gitdi.

Çaga terbiýesi — möhüm wezipe

Döwrümize mynasyp, şöhratly taryhymyza hormat goýýan, geljege ynamly garaýan bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek her bir bilim işgäriniň esasy borjy bolup durýar. Bu işler mekdebe çenli bilim edaralarynda okuw maksatnamasy esasynda sapaklar, dürli oýunlar arkaly amala aşyrylýar. Çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Terbiýeleýji oýunlar körpeler üçin bilim-terbiýe çeşmesidir. Çaga göwni näzik, dünýäsi täsindir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda çaganyň başarnyklarynyň kemala gelmeginiň maşgaladan, jemgyýetçilik terbiýesinden gözbaş alýandygyny, bu işiň jogapkärlidigini bellemek bilen, onuň ähmiýetine biziň her birimiziň ünsümizi çekýär. Şundan ugur alyp, biz çagalar bagymyzda geçýän sapaklarymyzy dürli terbiýeçilik ähmiýetli oýunlar arkaly guraýarys. Şeýle bolanda çagalaryň ünsi, pikiri oýnaýan oýunlarynda bolýar. Körpeleriň hersiniň hereketlerinden ýa-da ýoldaşlary bilen erkinlikde gürleýşinden pikir-hyýallaryny, zehinini, nämä ukybynyň bardygyny içgin öwrenýäris. Munuň özi çaganyň gylyk-häsiýeti, içki duýgy-düşünjesi boýunça işlemegiň dogry usullaryny saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Bilim — bagtyň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň dünýä laýyk derejede döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmäge döwlet  syýasatynyň ileri  tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, hünärli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli bilimiň we ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky syýasaty Türkmenistan döwletimizi dünýäniň has ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakdan ybaratdyr. Interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe ojaklarynyň bagtyýar nesillerimiziň hyzmatyna berilmegi, ýaşlara berilýän bilimiň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagy, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bizi — bilim işgärlerini has-da begendirýär, işimize döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrýar. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Hünärli ýaşlar bilen beýik ösüşlere tarap

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem ösýär. Oňa sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň buýsanjy we geljegi bolan ýaş nesle çuňňur bilim, milli ýörelgelerimiz hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýe bermekde döwrebap usullar peýdalanylmak bilen, okatmagyň hili ýokarlandyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlaryň höwes edýän hünärlerini ele almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynda ileri tutýan döwlet Baştutanymyz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belläp geçýär. Şundan ugur almak bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde hem talyp ýaşlara bilim özgertmelerine we döwrüň talaplaryna laýyklykda bilimdir terbiýe bermekde uly işler alnyp barylýar. Bu ýerde sanly ulgamyň giňişleýin ornaşdyrylmagy, maglumat howpsuzlygynyň döredilmegi, onlaýn sapaklaryň yzygiderli guralmagy okuw sapaklarynyň has täsirli bolmagyny üpjün edýär we özüniň oňat netijesini berýär.

Hünär derejeleri kämilleşdirilýär

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ondan netijeli peýdalanmak hem-de harby gullukçylaryň bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň netijesinde, halypa serkerdeler tarapyndan sanly ulgam arkaly okuw sapaklary dowamly guralýar. Şeýle okuw sapaklarynyň yzygiderli guralmagy, harby gullukçylaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşip, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatyny etmekde uly mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde gullugyň içerki portalynyň binýadynda döredilen elektron kitaphana ulgamynyň ähmiýeti uludyr. Çünki bu elektron kitaphanada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri ýerleşdirilen, şeýle hem şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejede bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny, migrasiýa iş ugurlaryna degişli kanunlary, düzgünnamalary, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallary görmek bolýar.

Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün eziz Watanymyzda ýaşlar döwrebap ylym, bilim alyp, geljegiň kämil şahsyýetleri bolup ýetişmäge hemmetaraplaýyn mümkinçilik alýarlar. Netijede, ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaş nesillerimiziň gazanýan üstünlikleri diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde hem ýokary netijelere eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaşlarymyz döwrebap bilim alyp, ylym dünýäsine çuňňur aralaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat birnäçe halkara derejeli ylmy-amaly maslahatlaryň, seminarlaryň, şeýle hem bäsleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ine, ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetimizde hem şeýle halkara derejeli zehin bäsleşigi — IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS — 2024) geçirildi. Bu bäsleşikde ýurdumyzyň talyplarynyň hem öz zehin-başarnyklaryny ussatlyk bilen açyp görkezendiklerini, medallaryň jemi 191-sine mynasyp bolandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň okamakda, öwrenmekde halkara tejribesinden hem giňden peýdalanmaga mümkinçilik dör

Bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň mugallymy – 2024» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň 10-sy gatnaşdy. Mugallymlar bäsleşigiň şertlerine görä, görelde sapaklaryny geçmek, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak boýunça öz ukyplaryny görkezdiler. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda ökde bilim işgärleri ýörite taýýarlanylan sowalnama boýunça syýasy taýdan sowatlylyklaryny hem görkezdiler.Netijede Saýat etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy Öwezgeldi Hallyýew bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Dänew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň matematika mugallymy Akjagül Haýdarowa birinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Merdan Haitow we Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Şeker Jumabaýewa ikinji, Kerki etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň iňlis-fransuz dili mugallymy Aýna Allakulowa bilen Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Manzura Awliýakulyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärd