Üstünligiň gözbaşy

24 Mart 2024
425

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş nesillere döwrebap bilim öwretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ähli bilim binalary döwrebap multimedia enjamlary, häzirki zaman kompýuterleri, internet ulgamy bilen üpjün edilýär. Munuň özi çagalaryň sazlaşykly ösmegine, dünýä derejesinde bilim almagyna, zehinleriniň açylmagyna we gözýetimleriniň giňemegine ýardam edýär.

Çary SARYÝEW,
Murgap etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar