Çaga terbiýesi — möhüm wezipe

20 Mart 2024
376

Döwrümize mynasyp, şöhratly taryhymyza hormat goýýan, geljege ynamly garaýan bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek her bir bilim işgäriniň esasy borjy bolup durýar. Bu işler mekdebe çenli bilim edaralarynda okuw maksatnamasy esasynda sapaklar, dürli oýunlar arkaly amala aşyrylýar.

Çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Terbiýeleýji oýunlar körpeler üçin bilim-terbiýe çeşmesidir. Çaga göwni näzik, dünýäsi täsindir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda çaganyň başarnyklarynyň kemala gelmeginiň maşgaladan, jemgyýetçilik terbiýesinden gözbaş alýandygyny, bu işiň jogapkärlidigini bellemek bilen, onuň ähmiýetine biziň her birimiziň ünsümizi çekýär. Şundan ugur alyp, biz çagalar bagymyzda geçýän sapaklarymyzy dürli terbiýeçilik ähmiýetli oýunlar arkaly guraýarys. Şeýle bolanda çagalaryň ünsi, pikiri oýnaýan oýunlarynda bolýar. Körpeleriň hersiniň hereketlerinden ýa-da ýoldaşlary bilen erkinlikde gürleýşinden pikir-hyýallaryny, zehinini, nämä ukybynyň bardygyny içgin öwrenýäris. Munuň özi çaganyň gylyk-häsiýeti, içki duýgy-düşünjesi boýunça işlemegiň dogry usullaryny saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Ogulnabat ERNAZAROWA,
Köýtendag etrabyndaky 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar