Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

20 Mart 2024
280

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün eziz Watanymyzda ýaşlar döwrebap ylym, bilim alyp, geljegiň kämil şahsyýetleri bolup ýetişmäge hemmetaraplaýyn mümkinçilik alýarlar. Netijede, ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaş nesillerimiziň gazanýan üstünlikleri diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde hem ýokary netijelere eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaşlarymyz döwrebap bilim alyp, ylym dünýäsine çuňňur aralaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat birnäçe halkara derejeli ylmy-amaly maslahatlaryň, seminarlaryň, şeýle hem bäsleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ine, ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetimizde hem şeýle halkara derejeli zehin bäsleşigi — IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS — 2024) geçirildi. Bu bäsleşikde ýurdumyzyň talyplarynyň hem öz zehin-başarnyklaryny ussatlyk bilen açyp görkezendiklerini, medallaryň jemi 191-sine mynasyp bolandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň okamakda, öwrenmekde halkara tejribesinden hem giňden peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Laçyn MUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar