Çaga oýunlarynyň aýratynlyklary

24 Mart 2024
574

Biziň dünýämize öwüşgin çaýýan, ony ýagtylandyrýan we nurlandyrýan mähribanlyk eziz balalarymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Baldan süýji balalarymyzy watansöýüjilik ruhunda, bilimli, ylymly, arassa ahlakly terbiýelemek ene-atalaryň, şeýle hem bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň paýyna düşýär. Körpejeleriň mekdep ýaşyna çenli döwri çaganyň beden, aň, durmuş taýdan ösüşiniň kadaly bolmagy üçin edilýän aladalaryň wajyp döwri hasaplanylýar.

Jeren ALLAWOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň usulyýetçisi.
Beýleki habarlar