“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde “Arhiw we arhiw işi” boýunça amaly okuw sapagy geçirildi

22 Mart 2024
205

Ýakynda Balkan welaýatynyň döwlet arhiwiniň hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda agentligiň mejlisler zalynda “Arhiw we arhiw işi” boýunça amaly okuw sapagy geçirildi.

Arhiw işiniň kanunçylyk esaslary, arhiwi talaba laýyk alyp barmak, arhiw resminamalaryny jemleýji ýyllyk ýazgylaryny dogry we doly ýöretmek, resminamalaryň abat aýawly saklanmagyny gazanmak, resminama gymmatlyklaryna her bir arhiw işgäri jogapkärli garamak – okuw sapagynyň esasy maksady boldy.

Beýleki habarlar