Hünärli ýaşlar bilen beýik ösüşlere tarap

20 Mart 2024
302

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem ösýär. Oňa sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň buýsanjy we geljegi bolan ýaş nesle çuňňur bilim, milli ýörelgelerimiz hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýe bermekde döwrebap usullar peýdalanylmak bilen, okatmagyň hili ýokarlandyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlaryň höwes edýän hünärlerini ele almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynda ileri tutýan döwlet Baştutanymyz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belläp geçýär. Şundan ugur almak bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde hem talyp ýaşlara bilim özgertmelerine we döwrüň talaplaryna laýyklykda bilimdir terbiýe bermekde uly işler alnyp barylýar. Bu ýerde sanly ulgamyň giňişleýin ornaşdyrylmagy, maglumat howpsuzlygynyň döredilmegi, onlaýn sapaklaryň yzygiderli guralmagy okuw sapaklarynyň has täsirli bolmagyny üpjün edýär we özüniň oňat netijesini berýär.

Jennet Berdiýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar