Lukman bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

25 Mart 2024
255

«Nesil» gazetiniň çagalara niýetlenen ýörite sahypasynda çap edilýän materiallary yzygiderli okaýaryn. Aýratynam, öz deň-duşlarymyzyň geljekki maksatlary, arzuwlary, olara ýetmek üçin edilen yhlaslar baradaky ýazgylar ünsümi çekýär. Hatda özüm hem: «Diňe çyn ýürekden edilen arzuwlar hasyl bolýar» diýip, birnäçe gezek eşitdim. Şonuň üçin hem arzuwlarymyň bir günden bir gün hasyl boljagyna ynanýaryn.

Biologiýa dersine höwesim gaty uly bolansoň, kiçilikden lukman bolmagy arzuw edýärin. 8-nji synpda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders, taslama bäsleşiklerinde dürli baýrakly orunlara mynasyp boldum. 10-njy synpda bolsa bu bäsleşikde biologiýa dersinden birinji orna eýe bolmak bagty nesip etdi. Şu ýyl hem bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, 3-nji orna mynasyp boldum.

Maral BERDIMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
Beýleki habarlar