Hünär derejeleri kämilleşdirilýär

20 Mart 2024
289

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ondan netijeli peýdalanmak hem-de harby gullukçylaryň bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň netijesinde, halypa serkerdeler tarapyndan sanly ulgam arkaly okuw sapaklary dowamly guralýar. Şeýle okuw sapaklarynyň yzygiderli guralmagy, harby gullukçylaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşip, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatyny etmekde uly mümkinçilik döredýär.

Häzirki döwürde gullugyň içerki portalynyň binýadynda döredilen elektron kitaphana ulgamynyň ähmiýeti uludyr. Çünki bu elektron kitaphanada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri ýerleşdirilen, şeýle hem şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejede bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny, migrasiýa iş ugurlaryna degişli kanunlary, düzgünnamalary, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallary görmek bolýar.

Hezret HALDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar