Bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

20 Mart 2024
314

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň mugallymy – 2024» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň 10-sy gatnaşdy. Mugallymlar bäsleşigiň şertlerine görä, görelde sapaklaryny geçmek, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak boýunça öz ukyplaryny görkezdiler. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda ökde bilim işgärleri ýörite taýýarlanylan sowalnama boýunça syýasy taýdan sowatlylyklaryny hem görkezdiler.Netijede Saýat etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy Öwezgeldi Hallyýew bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Dänew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň matematika mugallymy Akjagül Haýdarowa birinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Merdan Haitow we Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Şeker Jumabaýewa ikinji, Kerki etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň iňlis-fransuz dili mugallymy Aýna Allakulowa bilen Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Manzura Awliýakulyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gülnara KABULOWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar