"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bilim we terbiýe

Bilim ― ruhy terbiýe, sport bolsa beden terbiýesidir. Adamyň aň-düşünjesiniň, pikirlenişiniň terbiýesi onuň alan bilimine bagly, emma beden terbiýesi bolsa, onuň türgenleşigine baglydyr. Biz çagalara bilim bermek bilen, olaryň ruhuny terbiýeleýäris, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň üsti bilen bolsa, bedenlerini terbiýeleýäris. Sagdyn bedeniň kepili türgenleşikde, sagdyn ruhuň kepili bolsa sagdyn bilimdedir. Şonuň üçin döwletimiz tarapyndan bilim ulgamynyň-da, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň-da dünýä ülňülerine gabat gelýän derejesini gazanmak maksady bilen uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurlarda hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary-da, talyplary-da halkara ders hem-de taslama bäsleşiklerinde, türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyz iri halkara ýaryşlarynyň, dünýä çempionatlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýykl

Iş tejribesinden

Geografiýa sapagyny guramak Geografiýa sapagyny täsirli guramak mugallymyň esasy jogapkärli işleriniň biridir. Çünki mugallymyň her gezekki sapakda okuwçylaryň diline nätanyş, ýeňil bolmadyk sözleri, adalgalary öwretmegi möhümdir. Munuň üçin mugallym okuwçylaryň depderlerine ýörite bellik etdirmek usulyndan peýdalanyp biler. Bu derse okuwçylaryň düşünmegi üçin ilki başlangyç sapaklarda adalgalary öwretmekden başlamaly. Olara tema bilen birlikde kartalar bilen işlemegi öwretmeli. Kitap okamagy öwredişiň ýaly, okuwçylara kartanyň hem diline düşünmegi öwretseň, onda çaganyň geografiýa sapagyna bolan höwesi öz-özünden artýar. Mundan başga-da, okuwçylara sudury kartalar bilen işlemegi öwretmek hem möhümdir, sebäbi sudury kartany doly we dogry ýerine ýetirmek üçin ondaky görkezilen belgilere okuwçynyň düşünmegi gerek. Geografiýa sapagy şeýle görnüşde guralanda, okuwçylarda aýratyn täsir galdyrýar we maglumatyň olaryň aňynda galyjylygy artýar.

Edebiýat sapagynyň täsiri

Edebiýat sapagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öwrenilende, diňe bir goşgynyň many-mazmuny barada düşünje bermän, eýsem, olarda duş gelýän dil serişdeleriniň üstünde durup, sapagy türkmen dili dersi bilen baglanyşdyrmak oňat netije berýär. Akyldaryň şygryýet diwanyna ser salanyňda, tirkeş sözler, ownuk bölekler, sözsoňy we baglaýjy kömekçiler, antonimler, sinonimler, meňzetmeler, deňeşdirmeler, metafora... ýaly örän köp dil we çeperçilik serişdeleri öz beýanyny tapýar. Mysal üçin: Al-ýaşyl bürenip çykar perisi.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullary

Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmek has möhümdir, sebäbi dil öwrenmäge adamyň gyzyklanmalary artýar. Fransuz dilini öwretmegiň häzirki zaman usullarynyň esasy meselesi okuw wagtynda emeli daşary ýurt diliniň gurşawyny döretmekdir. Mugallymyň işiniň netijeliligi mekdepde häzirki zaman biliminiň esaslaryny we mugallymçylyk tejribesini durmuşa geçirmäge taýýardygyna baglydyr. Fransuz dilini öwrenmek okuw materiallaryny özgertmekden başlaýar. Multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny ulanmak häzirki zaman okuwynyň has täsirli bolýandygyny görkezýär. Çünki häzirki wagtda çagalar elektron enjamlaryndan maglumatlary has gowy kabul edýärler we özleşdirýärler. Elbetde, multimedia arkaly fransuz dili sapagy mugallymdan goşmaça hünärleri talap edýär. Şeýle-de bolsa, kompýuter çeşmeleriniň ähmiýetini inkär etmeli däl, sebäbi häzirki zaman mekdep okuwçysynyň durmuşy olar bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Kompýuterleri ulanmak bilen fransuz dilini öwrenmek adaty okatmagyň usullarynyň ornuny tutmaýar. Emma, olary dolduryp, sapagy has gyzykly we öndürijilikli edip biler. Mundan başga-da, bu görnüşi utgaşykly öwrenmek mümkindir. Mysal üçin, deslapky taýýarlygy (öý işini) talap edýän «Adaty fransuz aşhanasy» temasy boýunça okuw. Sapakda okuwçylar Fransiýan

Ýaşlara ynam —geljege ynam

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy toýly-baýramly günlerde türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat bolup, nusgalyk gollanma öwrüldi. Kitabyň her bir jümlesi ýaşlarymyz üçin durmuş pursatlarynda çelgi bolup, onda Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýet bolup ýetişmegiň ýollary salgy berilýär. Bu eseriň ýaşlara, olaryň geljekki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynyň sözbaşysynda: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim» diýip bellemek bilen, maksatly ýaşaýşyň ynsan ömrüni bezeýändigini, ýaş nesilleri geljekki beýik işlere ruhlandyrýandygyny pelsepewi mazmunda çuňňur beýan edýär.

“Dil – akylyň açary”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini kämil bilmeginiň olaryň dünýä derejesinde bilim almagynda, öz Watanynyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşinde we onuň abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda ähmiýeti uludyr. Ýaşlaryň ene dilini, iňlis we rus dillerini kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol wezipeler esasynda ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeldýär, sowatlyl

Sanly bilim ulgamy - döwrebap ösüşlere badalga

Ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky ösüşleriň esasy hereketlendirijisine öwrülip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty, hyzmatlar, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlarynyň ösüşi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolsa sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň we netijeli peýdalanylmagynyň güwäsidir. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak bilim edaralarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilip, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Häzi

Sowatly nesil

Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ýaş nesliň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi we ylmy döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, parasatly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýäde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyna, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ynsanlar bolup ýetişmegine möhüm wezipe hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagyň has kämil usullary, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2024-2025-nji okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy ýöriteleşdirilen mekdepleriň, 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň, şeýle-de Arkadag şäherindäki mekdepleriň gutardyş synp okuwçylaryny 9-njy aprelde sagat 15:00-da, 22-23-nji aprelde sagat 15:00-da bolsa ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar Bu günlerde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralandyrylmagyna, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, bilim-ylym ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly özgertmeleriň durmuşa geçirilişine degişli işler, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, bilim ojagynda talyplaryň durmuşy baradaky wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde sagat 09:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýörite we çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar «Açyk gapylar» gününde okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni köpçülikleýin işler barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem «Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi» bilen tanşyp bilerler.

Talyplar tejribelikde taplanýarlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde bilim almaga çagyrýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde “uçarman” hünäri boýunça bilim almaga çagyrýar. Okuw awiakompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. Onuň möhleti 4 ýyl.

Dil – dostluk köprüsi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysady we medeni durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi hasaplanýar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän hünärmen dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly bolýar. Munuň özi ylym-bilimde hem möhüm ähmiýete eýedir. Diliň özi pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil bilýän ýaşlaryň pikirlenişi hem ösýär, ylym-bilime bolan garaýşy kämilleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işlerini ýokarlandyrmak we bilime, ylma höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly özgertmeler üstünlikli alnyp barylýar. Bu özgertmeler dünýä halklary bilen dost-doganlygy üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunda dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dill

Üstünligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym, bilim ulgamlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ylym kämilligiň binýady bolup, ýurdumyzda ylymly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Bu babatdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Ylym ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem ösdürilýär, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Dünýäniň sanly tehnologiýalarynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler giň möçberlidir. Bular sanly bilimiň innowasion çeşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen şertlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň ösüşlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň çuňňur many-mazmuny bar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýokary ok

Bilim — röwşen geljegiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ruhubelent, berk bedenli bolmagy, aň-bilim taýdan ösmegi we terbiýesi üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bilimli, terbiýeli, maksada okgunly nesil kemala gelýär. Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlyklaryny we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek, şeýle hem halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgelerini, däp-dessurlaryny sazlaşykly peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamy mundan buýana-da döwrebaplaşdyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy çuňlaşdyrmagyň we belent sepgitlere ýetirmegiň ýolundaky maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu mümkinçilikler bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesiniň dünýä ülňülerine kybapdaş bolmagynda özüniň ýokary netijesini berýär.

Iş tejribeden

Sapagyň täsirliligi usulyýete bagly Matematika sapagyna okuwçylar örän işjeň gatnaşýarlar, sebäbi her gezekki sapagy gyzykly guramak we okuwçylaryň höwesini artdyrmak, elbetde, mugallymyň sapagy guraýşyna bagly bolup durýar. Okadýan 3-nji synpymda berlen mysallary ýatdan hasaplamak, tagtada işlemek, okuwçylaryň oturan ýerlerinde özbaşdak işlemek ýaly usullary ulanýarys. Berlen tabşyryk boýunça çalt we dogry işlän okuwçylary dürli şekiljikler bilen höweslendirýäris.

Usuly maslahat geçirildi

Çagalar bagymyzda «Matematika we sowat öwretmek sapaklarynda öwrediji oýunlardan peýdalanmagyň usullary» diýen mowzuk esasynda usuly maslahat geçirildi. Oňa etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, çagalar baglarynyň müdirleri we terbiýeçileri gatnaşdylar. Usuly maslahatyň dowamynda ýaş nesle sowat öwretmegiň we bilim bermegiň ilkinji basgançaklarynda alnyp barylýan işler seljerildi. Terbiýeçiler öz iş tejribelerine daýanyp, sapaklary milli we döwrebap ruhda alyp barmak boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Myhmanlar çagalar bagynda körpeler bilen matematika we iňlis dili sapaklarynyň geçirilişini hem synladylar. Körpeleriň ýerine ýetiren çykyşlary, hereketli oýunlary usuly maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şeýle-de terbiýeçiler mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalara türkmen milli oýunlaryny öwretmegiň usullary we ähmiýeti dogrusynda hem gürrüň berdiler.

Zehin zehinden zyýada

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty tarapyndan fizika we matematika dersleri boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde fizika dersi boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwlet Sultanow bilen Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Derkar Abdyrahmanow ikinji orny eýelediler. Şunda türkmenabatly okuwçynyň mümkin bolan 50 utukdan 37, halaçly ýaş zehiniň bolsa 30 utuk toplap bilendiklerini aýtmak gerek.

Maslahat ― tejribe mekdebi

Darganata etrabynyň 3-nji «Bilbil» çagalar bakja-bagynda welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan usuly-amaly maslahat geçirildi. Bäş ýaşly çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mekdep we maşgala bilen bilelikdäki işlerini guramagyň ýollaryna bagyşlanan maslahata welaýatyň etrap-şäherlerinden bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Gündogar sebitiň öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş terjibesi bilen tanyşdyrýan sergi hem guraldy. Şeýle hem etrabyň dürli çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçileri çagalar bilen gyzykly sapaklary geçmek bilen bagly ukyp-başarnyklaryny we iş tejribelerini paýlaşdylar.

Daşary ýurt dillerini okatmakda täzeçil usullar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Bu babatda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dersara bäsleşikler häzirki döwürde okuwdan daşary işiň, özbaşdak bilimiňi artdyrmagyň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Şeýle hem okuwçynyň dersi özleşdirişiniň netijeliligini kesgitle