Sowatly nesil

8 Aprel 2024
323

Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ýaş nesliň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi we ylmy döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, parasatly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Dünýäde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyna, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ynsanlar bolup ýetişmegine möhüm wezipe hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagyň has kämil usullary, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Osman BEGMURADOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar