Maslahat ― tejribe mekdebi

4 Aprel 2024
432

Darganata etrabynyň 3-nji «Bilbil» çagalar bakja-bagynda welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan usuly-amaly maslahat geçirildi. Bäş ýaşly çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mekdep we maşgala bilen bilelikdäki işlerini guramagyň ýollaryna bagyşlanan maslahata welaýatyň etrap-şäherlerinden bilim işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Gündogar sebitiň öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş terjibesi bilen tanyşdyrýan sergi hem guraldy. Şeýle hem etrabyň dürli çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçileri çagalar bilen gyzykly sapaklary geçmek bilen bagly ukyp-başarnyklaryny we iş tejribelerini paýlaşdylar.

Rena ATAJANOWA,
Darganata etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary.
Beýleki habarlar