“Dil – akylyň açary”

9 Aprel 2024
203

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini kämil bilmeginiň olaryň dünýä derejesinde bilim almagynda, öz Watanynyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşinde we onuň abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda ähmiýeti uludyr. Ýaşlaryň ene dilini, iňlis we rus dillerini kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol wezipeler esasynda ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeldýär, sowatlylygyny ösdürýär. Ýaşlar bu dilleri öwrenmek arkaly daşary ýurtlaryň medeniýeti, ýaşaýşy bilen giňden tanyşýar.

Gülnara KABULOWA
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy
Beýleki habarlar