Daşary ýurt dillerini okatmakda täzeçil usullar

4 Aprel 2024
314

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir.

Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Bu babatda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dersara bäsleşikler häzirki döwürde okuwdan daşary işiň, özbaşdak bilimiňi artdyrmagyň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Şeýle hem okuwçynyň dersi özleşdirişiniň netijeliligini kesgitlemegiň wajyp görkezijisidir. Dersara bäsleşikler okuwçylarda okuw işini özbaşdak guramak başarnygyny terbiýeleýär, olaryň bilimleri çuňňur özleşdirmegine we berkitmegine ýardam edýär. Pikirlenişini hem-de döredijilik başlangyçlaryny ösdürýär.

Döwran DURDYÝEW
Çärjew etrap bilim bölüminiň hünärmeni
Beýleki habarlar