Bilim we terbiýe

9 Aprel 2024
636

Bilim ― ruhy terbiýe, sport bolsa beden terbiýesidir. Adamyň aň-düşünjesiniň, pikirlenişiniň terbiýesi onuň alan bilimine bagly, emma beden terbiýesi bolsa, onuň türgenleşigine baglydyr. Biz çagalara bilim bermek bilen, olaryň ruhuny terbiýeleýäris, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň üsti bilen bolsa, bedenlerini terbiýeleýäris. Sagdyn bedeniň kepili türgenleşikde, sagdyn ruhuň kepili bolsa sagdyn bilimdedir. Şonuň üçin döwletimiz tarapyndan bilim ulgamynyň-da, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň-da dünýä ülňülerine gabat gelýän derejesini gazanmak maksady bilen uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurlarda hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary-da, talyplary-da halkara ders hem-de taslama bäsleşiklerinde, türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler.

Soňky ýyllarda ýurdumyz iri halkara ýaryşlarynyň, dünýä çempionatlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyny geçirmäge ygtyýar berilmegi hem bu aýdylanlara subutnama bolup biler.

Jumasoltan ÖWEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 170-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar