Sanly bilim ulgamy - döwrebap ösüşlere badalga

9 Aprel 2024
175

Ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky ösüşleriň esasy hereketlendirijisine öwrülip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty, hyzmatlar, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlarynyň ösüşi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolsa sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň we netijeli peýdalanylmagynyň güwäsidir. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak bilim edaralarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilip, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Häzirki döwürde ylmyň we bilimiň ýurduň ykdysady hem-de durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Şu hakykatdan ugur alsaň, sanly ykdysadyýete geçmek üçin, ilkinji nobatda, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda kompýuterleriň, multimedia enjamlarynyň we beýleki maglumat tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň döwrebap enjamlarynyň ulanylyşynyň dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, okuw mekdepleriniň innowasion ulgamynyň ösüşi ählitaraplaýyn ileri tutulýar.

Almahan KURBANOWA
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary
Beýleki habarlar