Üstünligiň aýdyň ýoly

7 Aprel 2024
393

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym, bilim ulgamlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ylym kämilligiň binýady bolup, ýurdumyzda ylymly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Bu babatdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Ylym ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem ösdürilýär, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

Dünýäniň sanly tehnologiýalarynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler giň möçberlidir. Bular sanly bilimiň innowasion çeşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen şertlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň ösüşlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň çuňňur many-mazmuny bar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olarda zerur enjamlaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň we usulyýetleriniň işe girizilmegi bu ugurda mugallymlara ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn ähmiýet bermegi netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap okuw serişdeleri we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.

Jeren REJEPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar