Ýaşlara ynam —geljege ynam

9 Aprel 2024
316

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy toýly-baýramly günlerde türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat bolup, nusgalyk gollanma öwrüldi. Kitabyň her bir jümlesi ýaşlarymyz üçin durmuş pursatlarynda çelgi bolup, onda Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýet bolup ýetişmegiň ýollary salgy berilýär.

Bu eseriň ýaşlara, olaryň geljekki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynyň sözbaşysynda: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim» diýip bellemek bilen, maksatly ýaşaýşyň ynsan ömrüni bezeýändigini, ýaş nesilleri geljekki beýik işlere ruhlandyrýandygyny pelsepewi mazmunda çuňňur beýan edýär.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar