Iş tejribesinden

9 Aprel 2024
482

Geografiýa sapagyny guramak

Geografiýa sapagyny täsirli guramak mugallymyň esasy jogapkärli işleriniň biridir. Çünki mugallymyň her gezekki sapakda okuwçylaryň diline nätanyş, ýeňil bolmadyk sözleri, adalgalary öwretmegi möhümdir. Munuň üçin mugallym okuwçylaryň depderlerine ýörite bellik etdirmek usulyndan peýdalanyp biler. Bu derse okuwçylaryň düşünmegi üçin ilki başlangyç sapaklarda adalgalary öwretmekden başlamaly. Olara tema bilen birlikde kartalar bilen işlemegi öwretmeli. Kitap okamagy öwredişiň ýaly, okuwçylara kartanyň hem diline düşünmegi öwretseň, onda çaganyň geografiýa sapagyna bolan höwesi öz-özünden artýar. Mundan başga-da, okuwçylara sudury kartalar bilen işlemegi öwretmek hem möhümdir, sebäbi sudury kartany doly we dogry ýerine ýetirmek üçin ondaky görkezilen belgilere okuwçynyň düşünmegi gerek. Geografiýa sapagy şeýle görnüşde guralanda, okuwçylarda aýratyn täsir galdyrýar we maglumatyň olaryň aňynda galyjylygy artýar.

Kümüş HUDAÝGULYÝEWA,
Mary şäherindäki 35-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar