"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bazar gatnaşyklarynda döwletiň orny: nazaryýet we milli tejribe

Islendik döwletde bazarlaryň döredilmegine we ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki bazar oňa gatnaşýan taraplary, islegi we teklibi, harytlary we hyzmatlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarlaryna girmek daşary ykdysady gatnaşyklarynda döwletler tarapyndan ileri tutulýar. Häzirki wagtda dünýäniň globallaşýan şertlerinde bu mesele has hem ýitileşýär. Şonuň üçin bazar infrastrukturasynyň öz-özünden kadalaşdyrylmagynyň üstüni doldurmakda döwlet kadalaşdyrmagynyň usullaryny ulanmak uly ähmiýete eýedir. Dünýä ykdysadyýetinde her bir döwletiň ykdysadyýeti kadalaşdyrylýar. Esasy tapawut kadalaşdyryjy usullaryň we gurallaryň peýdalanylyşynda ýüze çykýar. Şonuň üçin hem bazar infrastrukturasynyň düzümine girýän ähli elementler, olarda bolup geçýän özgertmeler döwlet tarapyndan kadalaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 43-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Tür­ki­ýe­den, BAE-den, Ow­ga­nys­tan­dan, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan, Uk­rai­na­dan, Sin­ga­pur­dan, Azer­baý­jan­dan, Er­me­nis­tan­dan, Mal­ta­dan, Gon­kong­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Pa­na­ma­dan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len ne­bit bi­tu­my­ny, awia­ke­ro­si­ni we reňk­siz aý­na önüm­le­ri­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 62 mil­lion 433 müň 670 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkidip

Türkmenistany we Gazagystan Respublikasyny umumy medeniýet, ýakyn mentalitet, ysnyşykly ykdysady we medeni gatnaşyklar, iki ýurduň parahatçylyga, ylalaşyga we durnukly ösüşe bolan ymtylmalary özara baglanyşdyrýar. Ösüşiň häzirki tapgyrynda depginli ösýän ýurtlar bolmak bilen, Türkmenistan we Gazagystan geografik we medeni kybapdaşlygyndan, birek-birege ynanyşmak ýörelgesinden ugur alyp, hoşniýetlilik, dostluk, işjeň özara gatnaşyklar syýasatyny durmuşa geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda goňşy döwletler gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça giň gerimli özara hereketleriň oňyn tejribesini topladylar. Bu gün döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen hem-de derwaýys ugurlaryň uly toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-si türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan abraýly, iri halkara we sebit guramalary, olaryň düzümleri, dünýä döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Bu gatnaşyklar oňyn hem netijeli häsiýete eýe bolup, dünýäde, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir we bu asylly hem-de belent maksada ýetmäge ýardam edýär. Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan goňşy ýurtlaryň biri-de Gazagystan Respublikasydyr. Gazagystanyň Türkmenistanyň ýakyn goňşusy bolmagy, şeýle hem türkmen-gazak halklarynyň gadymyýetden gözbaşly dostlugy bu iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Gazagystan Respublikasynyň

Dosty dogan saýýan halklar

Türkmen halky bilen gazak halkynyň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Iki halkyň däp-dessurynda meňzeşligiň bolmagy goňşy halk bilen dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýardam beripdir. Häzirki wagtda bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, alnyp barylýan dostlukly hyzmatdaşlyk özüniň hoşniýetliligi bilen dürli ugurlarda täze ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen özara bähbitli strategiki hyzmatdaşlygy iki goňşy ýurdy biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndan ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşdirildi. ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşme duşuşyklarynyň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma döredýän şol gatnaşyklaryň ugurlary köpdürlü

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde

20-nji oktýabrda Bütindünýä dopinge garşy göreşmek agentliginiň guramagynda we bu guramanyň prezidenti Witold Bankanyň gatnaşmagynda Merkezi we Günbatar Aziýa döwletleriniň sport babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň, Milli olimpiýa komitetleriniň hem-de Dopinge garşy göreş boýunça milli agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige türkmen tarapyndan Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow, Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi A.Akmämmedow, Dopinge garşy göreş barada Milli agentligiň başlygy L.Artykowa dagy gatnaşdy.

Okuw-maslahat geçirildi

20-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýan «Türkmen ýaşlary – golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahatyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Okuw-maslahatyň barşynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy ýaşlaryň kanunçylyk babatda sowatlylygyny, birek-birege hoşniýetli gatnaşyklary, haýyr-sahawatlylyk we ýoldaşlaryňy goldamak ýaly duýgulary kemala getirmegiň hem-de meýletinçilik hereketini ösdürmegiň mazmuny olaryň arasynda adamkärçilik, rehim-şepagatlylyk, ynsanperwerlik gymmatlygyny wagyz etmekde meýletinçileriň ähmiýeti, şeýle hem bu işleriň ösen jemgyýeti kemala getirmekdäki orny barada çykyş etdi.

Türkmenistan — Russiýa: işewürlik gatnaşyklarynyň giň gerimi

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum, önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy. Şeýlelikde, bu forum netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň has amatly geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

Hoşniýetliligiň nusgasy

Türkmen-gazak döwletara gatnaşyklary eýýäm otuz ýyla golaý wagt bäri taryhyň sahypalaryna möhüm wakalary ýazýar. Iki döwletiň mizemez dostlugy halklary birleşdirýän köpasyrlyk ruhy we medeni umumylyklary döredýär. Olaryň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy bolsa dünýäni haýrana goýýan iri düzümleýin taslamalarda anyk beýanyny tapýar. Şol taslamalaryň esasynda özara bähbitler sebit möçberinde hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde umumy abadançylygyň üpjün edilmeli maksatlaryna laýyk gelýär. Gazagystany, Türkmenistany hem-de Eýrany baglanyşdyrýan demir ýoluň amal bolan gurluşygy häzirki döwrüň sazlaşygyna goşant bolup, beýik işleriň mysalynda ilkinjileriň hatarynda durýar. Bu ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýurtlaryň üstünlikli ykdysady ösüşinde, ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystan abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde garaýyşlary meňzeş döwletler bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bähbitli başlangyçlardan ugur alnyp, gysga döwrüň içinde energetika we ulag meseleleri boýunça degişli kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Türkmenistan bilen Gazagystan diňe bir BMG-niň çäklerinde däl, eýsem, ÝHHG, GDA, YHG ýaly başga-da ha

Köpugurly hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guraldy. Ykdysady forumyň maksady bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy berkitmekden, giňeltmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işleri, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň, işewür düzümleriniň derejesindäki gatnaşyklar bu gezekki ykdysady forumy geçirmäge itergi berdi.

Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny dabaraly belledi. Pederlerimiz tarapyndan mukaddes saýylyp, keramata deňelen ata Watanymyz Türkmenistan şu döwürde henize çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň saýlan milli ösüş ýolunyň ylmy esasda esaslandyrylandygyny görkezýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. «Bize goşulyşmazlyk düzgünlerine eýerýän, döwlet Garaşsyzlygymyzy hormatlaýan, deňhukuklylyk we özara bähbitli garaýyşlary ileri tutýan hyzmatdaşlar zerurdyr» diýip, Arkadag Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen birinji bilelikdäki mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda aýratyn nygtap geçdi. Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzyň dünýäde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygy gorap saklamaga dünýä derejesinde ägirt uly goşant goşýan we ählumumy ösüşi üpjün edýän täze başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde uly halkara abraýy bar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: anyk başlangyçlar bilen röwşen geljege tarap

Ulag diplomatiýasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagy ýöne ýerden däldir. Durnukly ulag ulgamyny döretmek 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibinde hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Munuň özi koronawirus keseliniň pandemiýasy şertlerinde aýratyn möhüm meselä öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 14 — 16-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde gibrid görnüşde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu maslahatda wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatda ozal öňe süren halkara başlangyçlaryna gaýtadan ünsi çekdi. Olar, esasan, BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň ozalky teklibini ilerletmek, Milletler Bileleşigi bilen bilelikde ýurdumyzda geljek ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek, çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt ýetmäge gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütleri işläp taýýarlamak bil

Türkmen-russiýa ykdysady forumy

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy. Foruma Russiýa tarapyndan birnäçe ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, söwda, senagat, dokma önümçiligi, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyngurluşyk, logistika we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Döwrebap ösüşler

Ýurdumyzyň ulag-logistika syýasaty hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan anyk işler bilen rowaçlanýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zamanabap ulag-üstaşyr logistiki düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy döredilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmek babatda möhüm bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň ençemesi guruldy. Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ornuny eýelän türkmen topragy şu günki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, özüniň taryhy ornuny, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeldýär. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda, hususan-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça gurulýan iri demir, awtomobil ýollary, döredilýän howa we deňiz-derýa gatnawlary ýurdumyzda häzirki zaman multimodal ulag geçelgelerini döretmäge mümkinçilik berýär. Olar ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda ulaglaryň görnüşlerini utgaşykly ulanmaga şert döredýär.

Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen parahatçylyk söýüjilik, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen alnyp barylýan köptaraply gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dürli ugurlarda ýygjam gatnaşyklary ýola goýdy. Hususan-da, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine eýe bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly möçberli işleri amala aşyrýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna taryhy-binagärlik ýadygärliklerimizden 1999-njy ýylda Gadymy Merw, 2005-nji ýylda Köneürgenç, 2007-nji ýylda Gadymy Nusaý galalary girizildi. Bulardan başga-da, halkymyzyň ruhy medeniýetiniň dürdäneleri bolan «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury we türkmen halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär

Öňňin sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Bu çäre iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan hem-de bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Milli Liderimiziň dünýäniň parahatçylykly ösüşiniň haýryna gönükdirilen ulag diplomatiýasy ählumumy bähbitleri nazarlaýandygy  bilen dünýäde  giň goldawa eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi umumadamzat ähmiýetli taryhy waka boldy. 

Halkara ulag hyzmatdaşlygy

Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşmagy we çuňňur mazmunly çykyş etmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde durnukly ösüşi, ynanyşmagy, oňyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, hususan-da, häzirki wagtda barha derwaýys ähmiýete eýe bolýan ulaglar ulgamynda gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak we netijeli ugurlary döretmek babatda durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyny aýdyň açyp görkezýär. Munuň özi häzirki zamanyň birleşdirilen üstaşyr ulag düzüminiň döredilmegini talap edýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berer. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanýan ulag we aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.

Türkmenistan – Özbegistan Respublikasy: hyzmatdaşlygy giňeltmek ugry bilen

Köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda türkmen-özbek gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň birinji gününde türkmen we özbek Liderleri Daşkentde Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna gül dessesini goýdular. 2007 – 2021-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýokary derejedäki özara döwlet, resmi hem-de iş saparlarynyň 23-si amala aşyryldy, olar soňky döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýlekileriň ugry boýunça üstünlikli alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam berdi. Ýakyn goňşy döwletleriň doly derejeli, işjeň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy ählumumy bähbitler üçin oňyn halkara gatnaşyklaryny ugur edinýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm we ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.