Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: anyk başlangyçlar bilen röwşen geljege tarap

22 Oktýabr 2021
1226

Ulag diplomatiýasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagy ýöne ýerden däldir. Durnukly ulag ulgamyny döretmek 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibinde hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Munuň özi koronawirus keseliniň pandemiýasy şertlerinde aýratyn möhüm meselä öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 14 — 16-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde gibrid görnüşde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr.

Bu maslahatda wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatda ozal öňe süren halkara başlangyçlaryna gaýtadan ünsi çekdi. Olar, esasan, BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň ozalky teklibini ilerletmek, Milletler Bileleşigi bilen bilelikde ýurdumyzda geljek ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek, çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt ýetmäge gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütleri işläp taýýarlamak bilen baglydyr. Bu ugurdaky başlangyçlaryny ösdürip, milli Liderimiz 15-nji oktýabrda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky onlaýn mejlisinde hem derwaýys teklipleri öňe sürdi.

Beýleki habarlar