Türkmenistan – Özbegistan Respublikasy: hyzmatdaşlygy giňeltmek ugry bilen

21 Oktýabr 2021
1126

Köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda türkmen-özbek gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň birinji gününde türkmen we özbek Liderleri Daşkentde Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna gül dessesini goýdular.

2007 – 2021-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýokary derejedäki özara döwlet, resmi hem-de iş saparlarynyň 23-si amala aşyryldy, olar soňky döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýlekileriň ugry boýunça üstünlikli alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam berdi. Ýakyn goňşy döwletleriň doly derejeli, işjeň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy ählumumy bähbitler üçin oňyn halkara gatnaşyklaryny ugur edinýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm we ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Beýleki habarlar