Halkara ulag hyzmatdaşlygy

21 Oktýabr 2021
1127

Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşmagy we çuňňur mazmunly çykyş etmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde durnukly ösüşi, ynanyşmagy, oňyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, hususan-da, häzirki wagtda barha derwaýys ähmiýete eýe bolýan ulaglar ulgamynda gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak we netijeli ugurlary döretmek babatda durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyny aýdyň açyp görkezýär. Munuň özi häzirki zamanyň birleşdirilen üstaşyr ulag düzüminiň döredilmegini talap edýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berer.

Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanýan ulag we aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.

Döwlet AŞYROW,
Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar