Dosty dogan saýýan halklar

24 Oktýabr 2021
1058

Türkmen halky bilen gazak halkynyň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Iki halkyň däp-dessurynda meňzeşligiň bolmagy goňşy halk bilen dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýardam beripdir.

Häzirki wagtda bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, alnyp barylýan dostlukly hyzmatdaşlyk özüniň hoşniýetliligi bilen dürli ugurlarda täze ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen özara bähbitli strategiki hyzmatdaşlygy iki goňşy ýurdy biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar.

«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar